Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 32 geleşik hasaba alyndy

01:5412.04.2015
0
3195

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede geçirilen söwdalarda 32 geleşik hasaba alyndy.

Russiýadan, Singapurdan, Owganystandan, Niderlandlardan we beýleki ýurtlardan bolan telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zadowdlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini, uçar we dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başda-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, pagta süýümi, saryja goýunyň ýüňi ýerlenildi. Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Singapur, Belgiýa, Beliz, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly ýurtlar satyn alyjy hökmünde çykyş etdiler.

Söwdalardaky geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 64 million 626 müň dollaryndan gowrak boldy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň