«Huawei» görünmeýän kameraly ilkinji smartfony bilen tanyşdyrdy

10:3007.08.2022
0
1042

«Huawei» kompaniýasy göze görünmeýän kameraly ilkinji smartfonynyň önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär, onuň surata düşüriji gurluşy enjamyň ekranynyň aşagynda ýerleşer. Bu barada «MyDrivers» portaly habar berdi.

Täze smartfon şu ýylyň başynda tanyşdyrylan «Huawei P50 Pocket» smartfonyna meňzeş, emma onuň hiç bir ýerinde surata düşüriji kamera üçin kesik ýer görünmeýär. Ekran asty kamera tehnologiýasy obýektiwiň ekranyň aşagynda ýerleşýändigi üçin aýratyn kesik ýer talap etmeýär. Haçan-da ulanyjy surata almak islände, kameranyň üstündäki ekran durlanýar we bu ulanyja surata düşürmäge mümkinçilik döredýär.

Beýleki smartfon öndürijileriň käbirleriniň eýýäm görünmeýän kamera ulgamyny ulanýandyklaryna garamazdan, bu «Huawei» kompaniýasynyň şeýle ulgamdaky ilkinji smartfonydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň