Şu gün «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara serginiň we onuň bilen ugurdaşlykda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahaty öz işine başlady. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti sergä we maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi.
— Bu halkara sergide we ylmy maslahatda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işgärleriniň dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň taslama-çenlik resminamalaryny düzmekde, olaryň gurluşygynyň gidişine gözegçilik etmekde tejribesi has-da artdyrylar. Gurulýan desgalaryň, binalaryň milli binagärligiň aýratynlyklaryna laýyk gelmegine we ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklarda ekologik taýdan arassa ýerli gurluşyk materiallarynyň ulanylmagyna, pudagyň işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna yzygiderli gözegçilik edilýär. Pudagyň alyp barýan işleriniň netijesi paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda gurulýan binalaryň, desgalaryň hilinde aýdyň beýanyny tapýar — diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen Gutlagda bellenilýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi ýokary derejede tejribe alyşmaga we netijeli duşuşyklary geçirmäge mümkinçilik berýän ähmiýetli çäredigini, sergide Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň ýeten sepgitlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezmäge doly mümkinçilikleriň döredijiligini belledi.
— Bu bolsa geljekki anyk şertnamalarda hem-de taslamalarda öz beýanyny tapar. «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatda bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýan bu pudaklaryň ösüşi we maýa goýum ýagdaýy barada maglumatlary almaga mümkinçilik dörediler. Şonuň ýaly-da, gurluşyk we senagat pudaklary boýunça iň täze işläp taýýarlamalaryň, taslamalaryň innowasion çözgütleri giňden açylyp görkeziler — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nygtady.