Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 30 müňe golaý goşmaça iş orny dörediler

12:3306.08.2022
0
3641

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şeýle-de häzirki wagtda dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýändigi, dünýä bazarlarynyň we söwda akymlarynyň üýtgäp durýandygy göz öňünde tutulyp, Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.

2028-nji ýyla çenli döwürde ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depginini 6,7 göterimden pes bolmadyk derejede gazanmaga mümkinçilik dörär. Ýurt boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy ýokarlanar we onuň möçberi (ýerlemegiň ähli ugurlary boýunça) 14,5 göterimi artar. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 1,9 esse artyp, aratapawut 1,9 esse ýokarlanar. Jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýy 72 göterime ýeter. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça 30 müňe golaý goşmaça iş orny dörediler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň