Soňky habarlar

Arhiw

Esenguly etrabynda «Arkadagyň nesilleri» atly çagalar dynç alyş merkezi açyldy

21:5605.08.2022
0
4718
Esenguly etrabynda «Arkadagyň nesilleri» atly çagalar dynç alyş merkezi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenmetbugat» internet neşirinde habar berildi.

Açylyş dabarasynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň hem-de Esenguly etrabynyň il sylagly ýaşulularynyň çykyşlarynda Türkmenistanda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy, nurana geljegi babatda uly alada edilýändigi, bu ugurda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyran beýik işleriniň häzirki döwürde Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi.

Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary esasynda gurlan döwrebap çagalar dynç alyş merkezinde çagalaryň gowy dynç almaklary, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, kitap okamaklary, aýdym-saz, çeper okaýyş we beýleki hereket edýän gurnaklara gatnaşmaklary, oýun oýnamaklary, sagdyn iýmitlenmekleri, umuman, wagtlaryny peýdaly hem hoş geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň