Soňky habarlar

Arhiw

«Laminat Merkezi» «Floorpan-yň» ýokary hilli ýer pol örtüklerini hödürleýär

17:4705.08.2022
0
12354

«Laminat Merkezi» dükanyna «Kastamonu» kompaniýasynyň «Floorpan» haryt nyşanly laminirlenen pol örtükleriniň (laminat) täze tapgyrlary gelip gowuşdy. Laminatyň dürli reňk öwüşginleri we amatly bahalar alyjylaryň göwnünden turar.

«Floorpan» haryt nyşanly laminatlar el zähmetiniň örän az derejede peýdalanylmagy bilen öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda ýokary hilli materiallardan taýýarlanylýar. Hil barlagy ulgamynyň kömegi bilen, öndürilýän laminat Türkiýede, Russiýada we beýleki Ýewropa döwletlerinde kesgitlenen howpsuzlyk ülňülerine doly laýyk gelýär.

«Floorpan-yň» laminatlary çyga, çyzylmalara we Gün şöhlesine durnuklylygy bilen tapawutlanýar, olar ekologik taýdan howpsuzdyrlar, ýeňil berkidilýärler, şeýle-de ýangyna garşy örtük bilen örtülendirler. Ony «ýyly pol» ulgamy bilen utgaşdyrmak hem mümkindir. «Floorpan» laminatlarynyň ýüzündäki şekiller dub we sosna agaçlaryna meňzedilip çekilendir.

Türkiýäniň «Kastamonu» kompaniýasy bu laminatlary Türkiýede, şeýle-de Tatarstan Respublikasynda (Russiýa Federasiýasy) öndürýär.

Pol örtükleriniň görnüşleri bilen tanyşmak we özüňiz üçin iň amatlysyny saýlamak üçin aşakdaky salgyda ýerleşýän dükana ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, G.Kulyýew köç., 39-njy jaý, «Ussat Merkezi» söwda merkezi.

Telefonlar: (+993 62) 65 94 18, (+993 63) 43 17 85, (+993 63) 02 05 04.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň