Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da Wolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy

17:0905.08.2022
0
1508
ABŞ-da Wolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy
Surat: cbssev.ru

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waýoming ştatynda ýerleşýän Wolt Disneýiň maşgalasyna degişli bolan ranço 71 million dollar baha kesilip, satuwa çykaryldy. Bu barada «The Wall Street Journal» gazeti habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.

Ýellowstown milli seýilgähinden 37 kilometrlikdäki ranço 2 müň gektary eýeleýär, ol üç tarapyndan dag bilen gurşalan ajaýyp künjekde ýerleşýär.

Wolt Elaýas Disneý amerikaly multiplikator, prodýuser we režissýor. Ol Mikki-Mausy we beýleki onlarça multiplikasion gahrymanlary döretdi, 650-den gowrak filme prodýuserlik etdi, 120 multfilmiň režissýory boldy, «The Walt Disney Company» studiýasyny esaslandyrdy.

Bu gün «The Walt Disney Company» iň iri media toparlaryň biridir. Onuň düzümine birnäçe kinostudiýa, çagalar üçin teleýaýlymlar, radio ýaýlymlary, seýilgähler toplumy, şypahanalardyr garbanyşhanalar girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň