Atlantikada agdarylan gaýykda galan 62 ýaşly fransuz halas edildi

15:4205.08.2022
0
620
Atlantikada agdarylan gaýykda galan 62 ýaşly fransuz halas edildi
Surat: metro.co.uk

Lissabondan ýüzüşe ugran 62 ýaşly fransuz raýatynyň ýeňilgämisi suwda agdaryldy. Erkek kişi tä guwwaslar gelýänçä onuň astynda 16 sagadyny geçirmeli boldy diýip, CNN habar berdi.

Fransiýanyň raýaty Portugaliýanyň paýtagtyndan 2022-nji ýylyň 31-nji iýulynda ýola düşdi, ertesi gün agşam ol betbagtçylyga uçrandygy barada duýduryş berdi, şol wagt ol Galisiýanyň kenar ýakasyndan 14 mil uzaklykdady. Dessin halas ediş gullugynyň işgärleri onuň ýeňilgämisiniň agdarylandygyny gördüler.

Halas edijileriň biri gäminiň aşagyna girip, gämi eýesini tapdy, emma ony şolbada halas etmek başartmady, sebäbi deňizde güýçli harasat başlapdy. Gullugyň işgärleri gämini deňziň düýbüne gidirmezlik üçin ýüzgüçleri dakdylar-da gitdiler. Olar ertesi deňiz asuda wagty dolanyp geldiler. 16 sagatlap suwda bolandygyna garamazdan, erkek kişi gäminiň astyndan özbaşdak çykmagy başardy. Ony kenara eltilen dessine lukman barlagdan geçirdi, halas edijilerdir lukmany onuň saglyk ýagdaýynyň gowudygy haýran galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň