Meşhur «Jetpack Joyride» oýnunyň dowamy çykdy

14:2005.08.2022
0
414
Meşhur «Jetpack Joyride» oýnunyň dowamy çykdy
Surat: itc.ua

Şu ýylyň güýzünde «Jetpack Joyride» atly belli mobil oýnuň dowamy «Apple Arcade» ulgamynda elýeterli bolar. Bu barada «The Verge» neşiri habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Jetpack Joyride 2» oýnuny oýnamak üçin serwisiň ulanyjylary her aýda 4,99 dollar abuna tölegi bilen 2022-nji ýylyň 19-njy awgustyndan başlap mümkinçilik alarlar.

«Jetpack Joyride 2»-de oýunçy öz ýolundaky ähli duşmanlary ýok etmek üçin has uzaga çenli uçmak mümkinçiligine hem eýe bolar. Oýny işläp düzüji «Halfbrick» muşdaklara ilkinji bölümde bolmadyk doly bahaly ýordumy, täze ýaraglarydyr mehanikany wada berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň