Soňky habarlar

Arhiw

Putin Soçide Ärdogan bilen gepleşikleri geçirer

09:3605.08.2022
0
3598
Putin Soçide Ärdogan bilen gepleşikleri geçirer
Surat: interfax.ru

Şu gün, 5-nji awgustda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Soçide Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleri geçirer diýip, Kremliň metbugat gullugy habar berdi.

Prezidentler gepleşik wagtynda rus-türk köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle-de energetika pudagynda bilelikdäki strategik taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna serediler.

Putin we Ärdogan mundan başga-da halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri babatda pikir alşarlar. Bu barada «aif.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň