1—4-nji aprel aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde sportuň suw görnüşleri boýunça (ýüzmek) halkara dubaý ýaryşy geçirildi. Oňa 48 döwletden 900 suwda ýüzüji gatnaşdy. Onda saýlama kadalaryny dolduran türgenler Russiýanyň Kazan şäherinde geçiriljek dünýä birinjiligine we Rio-de Žaneýroda (Braziliýa) geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýollanma alýardylar.
19—29 ýaşly türgenleriň arasynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Merdan Ataýew uly üstünlik gazandy. Ol garşydaşlaryny 50 metr (26.87) we 100 metr (58.14 —57.43 sek) arkanlaýyn ýüzmekde bürünç we iki kümüş medal gazandy. Aşgabatly türgen eýýäm geçen ýylyň awgust aýynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçen ýaryşda iki sany bürünç medal gazanypdy.
50 metr aralyga ýüzmekde Ýakob el Saadi we Jamal Kawoşifaç oňa garşydaş boldy. Bu üçlügiň bäsleşiginiň netijesinde Merdan 3-nji ýere düşdi. 100 metre ýüzmekde ol diňe Jamaldan asgyn geldi.
Ýer eýeleri şu aralykda ýene-de super final hem guradylar. Bu ýüzüşde Merdan ozalky garşydaşlaryndan ozdy we 2-nji ýere düşdi. 1-nji ýeri müsürli türgen eýeledi. Merdan Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Ýepifanowyň elinde türgenleşýär.
Merdanyň talyp ýoldaşlary Ruslan Nazarow we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň türgeni Walentin Gorşkow bu ýerde sport ussadynyň kadasyny doldurdylar.
Türkmenistanyň iki rekordy bilen Merjen Saryýewa 50 metr aralyga erkin usulda we batterflýaý usulynda oňat çykyş etdi. Soňky iki ýylyň içinde türkmen suwda ýüzüjileri sport ussatlygynyň derejesiniň ýokarlandyrdy.
Dubaýdan gelen dessine olar Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşdylar. «Olimpiýa» suw sport toplumynyň ýüzüş ýodajyklaryna bäş toparyň türgenleri, şol sanda welaýatdan gelen türgenler çykdylar.