Soňky habarlar

Arhiw

Tatarystanda türkmen suratkeşiniň sergisi açyldy

10:0704.08.2022
0
10688
Tatarystanda türkmen suratkeşiniň sergisi açyldy
Surat: Tatar-inform

Tatarstandaky «Halklaryň dostluk öýi» medeni merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, görnükli suratkeş, Tatarysanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Kamil Waliahmedowyň şahsy surat sergisi açyldy. Bu barada Tatar-inform habar berýär.

Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Damir Natfullin serginiň açylyş dabarasynda häzirki wagtda medeniýet we sungat arkaly tatar hem-de türkmen halklarynyň köpasyrlyk gatnaşyklarynyň dowam etdirilýändigini, öz işine başlan serginiň bolsa bu ugurda täze sahypa öwrülýändigini belledi.

Kamil Waliahmedow dabaranyň dowamynda söz sözläp, sergini guramaga kömek edenleriň hemmesine minnetdarlyk bildirdi. Suratkeş türkmen we tatar halklarynyň medeniýetleriniň we däp-dessurlarynyň köp babatda meňzeşdigini belläp, bu meňzeşlikleri öz surat eserlerinde beýan etmäge çalyşýandygyny nygtady.

Şahsy sergi üç gün dowam edýär.

K.Weliahmedow öz döredijiliginde peýzaž işlerini ýerine ýetirýär. Ol türkmen we dünýäniň ençeme ýurdunyň tebigaty, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyndan pursatlary surat eserine geçirdi. Dürli ýyllarda onuň Moskwada, Wenada, Argentinada, Awstriýada we Türkiýede şahsy surat sergileri geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň