Yaponianyň daşary işler ministriniň orunbasary türkmen ilçisini kabul etdi

13:0603.08.2022
0
4617

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Takeo Mori we Ýaponiýanyň DIM-niň protokolynyň ýolbaşçysy Sino Mitsuko bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda ilçi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň DIM-niň ýolbaşçylaryna ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Ozal habar berşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň iýul aýynda Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Ozal Atadurdy Baýramow Russiýa Federasiýasynda (Kazan şäheri) Türkmenistanyň Baş konsuly wezipesini ýerine ýetiripdi.

Taraplar duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ilerletmegiň meselelerini, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň özara gatnaşyklaryny maslahatlaşdylar.

Diplomatlar nobatdaky syýasy türkmen-ýapon geňeşmelerini, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň mejlisini, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň mejlisini geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň wekilleriniň «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň 9-njy mejlisine gatnaşmagy bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy «Kawasaki», «Sojitz», «Mitsui», «Mitsubishi Corporation», «TOYO Engineering», «ITOCHU Corporation», «Sumitomo Corporation», «Medical Excellence Japan» we beýleki ýapon kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurlygyny belledi. Şeýle hem Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň — Sukuba uniwersitetiniň, Kuýuşi uniwersitetiniň we Hirosaki uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Miho muzeýiniň direktorynyň we Tendo şäheriniň häkiminiň Türkmenistana saparyny amala aşyrmaga görülýän taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy. Mundan başga-da duşuşygyň dowamynda Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň we Türkmenistanda Ýaponiýanyň Medeniýet günleriniň guralmagy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň