TÝL ― 2022: «Merw» myhmançylykda «Köpetdagdan» üstün çykdy

22:3602.08.2022
0
6933

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 1-nji tapgyrynyň çäginde «Köpetdag» bilen «Merw» duşuşdy. «Köpetdag» stadionynda bolan duşuşykda myhmanlar ýeňiş gazandy (0:1).

Duşuşygyň ýeke-täk goluny 75-nji minutda Orazberdi Myradow geçirdi. Ol şu ýyl «Merwe» erkin oýunçy hökmünde goşulypdy.

Duşuşygyň 59-njy minudynda Begenç Akmämmedow («Köpetdag») 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 5-nji hem-de 6-njy awgustda geçirilip, onda “Aşgabat” – “Köpetdag”, “Energetik” – “Merw” toparlary duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň