Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystany bir gije-gündizde nebit almakda rekord goýdy

17:4810.04.2015
0
2219

2015-nji ýylyň martynda Saud Arabystany nebit alnyşyny rekord derejä, bir gije-gündizde 10,3 million barrele ýetirdi. Munuň özi ýurduň taryhyndaky iň ýokary görkezijidir. Nebitçiler tarapyndan öňki goýlan rekord (2013-nji ýylyň awgusty) bir gije-gündizde 10,2 barrele deň bolupdy.

Birnäçe hepde mundan ozal Saud Arabystanynyň nebit we mineral serişdeler ministri Ali ben Ibragim an-Nuaými nebit alnyşynyň bir gije-gündizde 10 million barrelden geçirilmejekdigine güwä geçipdi — diýip, TASS habar berýär. Ýurduň patyşasy Salman ibn Abdel Aziz Al Saud 10-njy martda “gara altynyň” bahasynyň peselendigine garamazdan, döwletiň täze nebit ýataklarynyň gözleglerini dowam etjekdigini mälim etdi. Şunlukda, Saud Arabystanynyň ykdysadyýetinde birnäçe girdeji çeşmesi dörär, diýip ol belledi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň