Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Horst Ýanseniň jadyly dünýäsi” atly sergi açyldy

16:4110.04.2015
0
1653

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guran bu sergisi Ýewropanyň iň gowy grafikaçylarynyň biri hasaplanýan Horst Ýanseniň (Germaniýa) suratlaryny we litografik eserlerini özünde jemledi. Ýurdumyzyň surat muşdaklarydyr Türkmenistanda ýerleşýän ilçihanalaryň wekillerine, daşary ýurtly myhmanlara belli suratkeşiň geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda döredilen  iň gowy işleri — köp sanly grafikalary hödürlendi.  

Sergi 9-njy aprelden  6-njy maýa çenli dowam eder.

Ýewropanyň iň gowy grafikaçylarynyň biri Horst Ýanseniň döreden eserlerini biziň fotoreportažlar rubrikamyzdan synlap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň