Türkmenistan Özbegistanda geçiriljek ýaşlar forumyna gatnaşar

00:2902.08.2022
0
2483
Türkmenistan Özbegistanda geçiriljek ýaşlar forumyna gatnaşar
Surat: Dunyo News

Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk we medeni miras ministrligi we Kaşkadarýa etrabynyň häkimligi şu ýylyň 8 – 12-nji awgustynda «Ýaşlaryň syýahatçylygy» atly forumy geçirýär diýip, özbek habarlar gullugy habar berýär.

Foruma 800 wekil – Türkmenistandan, Täjigistan, Gazagystan we Gyrgyzystan bolan ýaşlar gatnaşarlar.

«Loçin» dynç alyş-sagaldyş merkezinden badalga aljak bu çäre okamagy, ussatlyk sapaklaryny, milli sport ýaryşlaryny, medeni we güýmenje çärelerini, gala konserti we beýlekileri öz içine alýar. Şeýle hem ýaşlar teatr we kino sungatynda meşhurlyk gazanan şahsyýetler bilen guraljak döredijilik duşuşyklaryna gatnaşmaga-da mümkinçilik alarlar.

Foruma gatnaşyjylar üçin dürli syýahatçylyk ýerlerine gezelençler, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleri üçin tanyşdyryş sapaklary guralar.

Soňky ýyllarda Özbegistan syýahatçylyk pudagyny ösdürmek we onuň ykdysadyýetdäki ornuny ýokarlandyrmak üçin köp tagalla edýär. Şeýlelik bilen, Täze Özbegistanyň 2022 – 2026-njy ýyllar üçin ösüş strategiýasyna laýyklykda, «Özbegistana gezelenç» maksatnamasynyň çäginde ýerli syýahatçylaryň sanyny 12 milliona, daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny bolsa 9 milliona ýetmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň