Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň futbol möwsümi belli boldy

22:5001.08.2022
0
4852

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty 2022-nji ýyldaky futbol möwsüminiň doly senenamasyny paýlaşdy. Bu senenama milli çempionaty, Kubok ýaryşyny we Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygy öz içine alýar.

30-njy gezek geçiriljek Türkmenistanyň futbol çempionatyna 2-nji awgustda badalga berler. Birinji we ikinji aýlawlaryň duşuşyklary 15-nji oktýabra çenli tamamlanar. Üçünji, dördünji aýlawlar bolsa 18 ― 20-nji dekabr aralygynda geçiriler. Çempionatyň şu möwsüminde jemi 112 duşuşyk geçiriler.

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk 25-nji sentýabrda bolar.

Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryş bolsa 9-njy sentýabrda başlanyp, 11-nji dekabrda tamamlanar.

Türkmenistanda 2022-ni ýylyň futbol möwsümi barada şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň