Soňky habarlar

Arhiw

OPEK guramasyna täze ýolbaşy bellenildi

13:0601.08.2022
0
3035

Kuweýtiň wekili Haýsam al-Gaýs düýn, 1-nji awgustda resmi taýdan nebiti eksport edijileriň OPEK guramasynyň baş sekretary wezipesine girişdi. Ol guramanyň agza ýurtlarynyň ministrleriniň ýörite wideomaslahatynda bu wezipä saýlandy, Geýs sanawda ýeke-täk dalaşgärdi diýip, «Trend» habarlar gullugy ýazýar.

Geýsiň täze wezipedäki ilkinji gatnaşjak çäreleri 2-3-nji awgustda meýilleşdirilen OPEK+ çarçuwasyndaky duşuşyklar bolar, bular tehniki geňeşiň ýygnagy, ministrleriň monitoring komiteti we alýansyň ministleriniň duşuşygydyr.

OPEK guramasynyň öňki baş sekretary Muhammet Barkindo bu wezipäni 2016-njy ýyldan bäri iki möhletiň dowamynda eýeledi, şu iýulyň başynda aradan çykan Barkindonyň ygtyýarlylyk möhleti 2022-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda dolmalydy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň