Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi 25-nji sentýabrda belli bolar

13:0701.08.2022
0
4757

«Altyn asyr» bilen «Şagadamyň» arasyndaky Türkmenistanyň Naýbaşy kubok duşuşygy 25-nji sentýabrda geçiriler.

Bu duşuşyga «Altyn asyr» Türkmenistanyň çempiony, «Şagadam» bolsa Kubok ýaryşynyň ýeňijisi hökmünde gatnaşar.

Duşuşygyň geçiriljek ýeri barada biraz soňrak habar berler.

«Altyn asyr» geçen ýyl bu Kuboga taryhynda ýedinji gezek mynasyp boldy. «Köpetdag» bilen geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna tamamlandy.

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygyň 2005-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň