Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet günleri geçiriler

07:0510.04.2015
0
2553

24—28-nji aprelde Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet günleri geçiriler. Bu döredijilik çäresine gatnaşmak üçin BAE-niň medeniýet işgärlerinden ybarat wekiliýet ýurdumyza geler.

Çäreler paýtagtyň iri medeni merkezlerinde — Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde, “Watan” kinokonsert merkezinde, şeýle hem “Aşgabat” amfiteatrynda geçiriler.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy 24-nji aprelde Mukamlar köşgünde bolar. Arap Emirlikleriniň medeniýet baýramynyň köp öwüşgünli dabaralary arap sungat ussatlarynyň konsertlerini, folklor aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny, kinofilmleriň görkezilişini, amaly-haşam hem fotosungat işleriniň sergisini, dostlukly ýurduň milli tagamlarynyň hödür edilmegini özünde jemlär. Taýýarlanan medeni meýilnama laýyklykda, myhmanlar muzeý gymmatlyklaryny we Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

BAE-niň Medeniýet günleri türkmen we arap medeniýet, sungat işgärleriniň “Aşgabat” amfiteatrynda geçiriljek dostlyk konserti bilen tamamlanar.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň