Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanar, temmäki önümlerini getirijiler üçin goşmaça salgytlaryň mukdary artdyryldy, türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip geldiler

21:0031.07.2022
0
5721

1. Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň Ralli-reýd görnüşi boýunça geçirilen «Ýüpek Ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, Özbegistanyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerine 3-nji awgustda Awazada ýurduň ýolbaşçylarynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmagy guramagy tabşyrdy.

2. Türkmenistanda temmäki önümlerini getirijiler üçin goşmaça salgytlaryň mukdary 93%-e çenli artdyryldy. Bu üýtgetmelere laýyklykda, indi senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylarynyň 1 kilogramy üçin ozal alnan 15,6 ABŞ dollaryna derek indi 19,5 ABŞ dollary goşmaça töleg hökmünde alnar.

3. 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümi Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň dalaşgärleri we talyplary üçin okuw wizasyny resmileşdirip başlar. Resminamalar iş günleri (duşenbe — anna) 9:30-dan 13:00 aralygynda kabul edilýär.

4. Türkmenistanda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» täze Kanun güýje girdi. Bu Kanun itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

5. Saud Arabystany Patyşalygynda musulmanlaryň mukaddes Gurban aýynda haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary Türkmenistana dolanyp geldiler.

6. Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilýän «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýaryşa gatnaşmak üçin Russiýa 12 döwletden 1300-den gowrak türgen ýygnandy. Türkmen toparynyň baýdagyny stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça türgen Ylýas Allanazarow göterdi.

7. «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ Türkiýäniñ «Posta ve Telgraf Teşkilatı A.Ş» bilen poçta (EMS, hat we bukjalar) gatnawynyň mukdaryny artdyrmak barada ylalaşyk baglaşdy.

8. 2022-nji ýylda Türkmenistanyň daşary ýurt pasportyny nädip resmileşdirmeli we munuň üçin nähili resminamalary tabşyrmak gerek MAKALALAR

9. Türkmenistanyň milli muzeýinde şaý-sepleriň sergisi — SURAT

10. «Ýüpek ýoly-2022» ralli-reýdine gatnaşan türgenlerimiz Türkmenistana gaýdyp geldi — WIDEO

11. «Dolce Mia» jelateriýada «Turkmenportal» promo kody bilen ähli önümlere 20% arzanladyş — AFIŞA

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň