Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanowa gutlag hatyny ýollady

22:4331.07.2022
0
6738
Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanowa gutlag hatyny ýollady
Surat: Tatar-inform

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa we ähli tatar halkyna Bütindünýä tatar kongresiniň döredilmeginiň 30 ýyllygy hem-de onuň VIII gurultaýynyň öz işine üstünlikli başlamagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Russiýanyň dürli sebitlerinde we dünýäniň köp ýurtlarynda ýaşaýan tatar halkynyň wekilleriniň köp sanly jemgyýetçilik guramalaryny birleşdirýän Bütindünýä tatar kongresi geçen döwrüň dowamynda uly üstünlikleri gazandy. Ol tatar halkynyň baý hem-de özboluşly medeniýetini gorap saklamakda we ýaýratmakda, Tatarystanyň milli medeni ösüşinde – diliň, ylmyň, bilimiň ösdürilmeginde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir — diýip, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy öz işine üstünlikli başlan VIII gurultaýyň hem tatar halkynyň medeni däplerini gorap saklamaga we ösdürmäge aýratyn goşant goşjakdygyny belläp, Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de täze üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň