Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda «Deňizçi» bilen «Köpetdag» öňdeligi saklaýar

08:0029.07.2022
0
2716

Türkmenistanyň ikinji tapgyrynyň jemleýji bölümi Türkmenbaşy şäherinde geçirilýän 2022-nji ýyl Futzal Superligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary tamamlandy. Garaşylyşy ýaly, öňde barýan üç topar beýlekilerden arany barha açmak bilen, ýene bir ýeňiş gazandy.

Oýunlar «Deňizçi» bilen «Milli Goşunyň» arasyndaky bäsleşik bilen başlandy. Bäsdeşler arakesmä çykanlarynda, hasap Türkmenistanyň iki gezek häzirki çempionynyň peýdasyna 2:0 hasabyndady. Oýnuň ikinji ýarymynda Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň topary «Milli goşunyň» derwezesine ýene üç top salyp, özleriniňkä bir top goýberdiler. Oýun 5:1 hasabynda «Deňizçiniň» peýdasyna tamamlandy.

Indiki ýeňşi ýurdumyzyň wise-çempiony «Köpetdag» «Senagatbankdan» 4 top artyk urup, 6:2 hasabynda üstün çykmak bilen gazandy.

Geçen ýyl bürünç medala eýe bolan Döwlet Gümrük gullugynyň «Gümrükçi» topary Superligada ilkinji gezek çykyş edýän «Daşoguz» toparyndan 9:3 hasabynda üstün çykdy, TNGIZT-niň futzalçylary 3:1 hasabynda «Ahal» toparyny utdular.

Şeýlelikde, 12-nji tapgyrdan soň öňdeligi 30 utuk gazanan «Deňizçi» bilen «Köpetdag» paýlaşýar. Ilkinji üçlügiň soňunda duran «Gümrükçi» topary bolsa olardan 6 utuk yza galýar.

13-nji tapgyrda «Deňizçi» TNGIZT bilen, «Köpetdag» bolsa «Milli goşun» bilen oýnar. Beýleki oýunlarda «Senagatbank» «Gümrükçi», «Ahal» topary bolsa «Daşoguz» topary bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň