Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň dürli ýurtlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mynasybetli çäreler geçirilýär

06:2410.04.2015
0
3195

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmegiň Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda, şol sanda daşary döwletlerde şanly senä bagyşlanyp metbugat maslahatlary, “tegelek stollar”, sergidir maslahatlar, sport hem beýleki çäreler geçirilýär.

Bu ugurdaky işler dowam etdirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Bitaraplygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan web-saýt hereket edýär. Şeýle hem dürli neşir önümleri taýýarlanylýar, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bolsa, Türkmen döwleti, onuň Bitaraplyk derejesi, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan syýasat baradaky makalalar toplumlary çap edildi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň