«Barselonanyň» baş tälimçisi Hawi PSŽ-niň hüjümçisi Lionel Messiniň katalon klubyna gaýdyp gelmek ähtimallygy barada pikirlerini paýlaşdy.
Tälimçiniň aýtmagyna görä, häzir bu barada hiç hili gürrüň ýok.
― Men Messiniň «Barselonadaky» gadamlarynyň tamamlanmandygyna ynanýaryn. Meniň pikirimçe, beýle ynsan, ikinji mümkinçilige hem mynasyp. Emma bu iş indiki ýyl amala aşyrylar. Häzir onuň başga klub bilen şertnamasy bar ― diýip, Hawi žurnalistleriň bu mesele babatyndaky sowalyna jogap berdi.
35 ýaşly Messiniň 2005-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli «Barselonada» futbol oýnandygyny ýaladýarys. Ol şu döwürde ähli ýaryşlarda 776 duşuşyga gatnaşyp, 670 gezek tapawutlandy, şeýle hem 302 goluň ýardam pasyny berdi. Hüjümçiniň PSŽ bilen şertnamasy 2023-nji ýylyň tomsunda tamamlanar.