Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowa hat ýollady

08:0331.07.2022
0
5814
Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowa hat ýollady
Surat: president.uz

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hat ýollady. Bu hatda özbek Lideri 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli, türkmen kärdeşiniň iberen gutlag hatyna hoşallyk sözlerini beýan edýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hatda, hususan-da, şeýle ýazylýar:

– Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Doglan günüm mynasybetli iberen tüýs ýürekden gutlaglaryňyz we hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin, Size hoşallygymy beýan edýärin. Özbegistanda amala aşyrylýan hem-de biziň döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, dünýä ýurtlary bilen açyk, netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýän durmuş-ykdysady özgertmelere ýokary baha berýändigiňiz bizi buýsandyrýar. Siziň ýakynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparyňyz hem-de onuň dowamynda geçirilen açyk we netijeli gepleşikleriň özara ynam hem-de hormat goýmak esasynda guralan dostlukly gatnaşyklarymyzyň mundan beýlägem ösdürilmegine uly goşant bolandygyny nygtamak isleýärin. Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň