Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda içeri işler ministri M.Hydyrow ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek, tomus paslynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýangyna garşy kadalaryň üpjün edilmegi boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, içeri işler ministrliginiň işiniň geljekki ugurlary barada aýtmak bilen, içeri işler edaralarynyň hukuk tertibini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamalydygyny belledi. Şeýle-de bu düzümiň häzirkizaman tehniki serişdeler bilen gaýtadan enjamlaşdyrylmagyny hem-de sanlylaşdyrylmagyny geljekki döwür üçin işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Ähli edaralarda, kärhanalarda hem-de ilatyň arasynda yzygiderli ýagdaýda ýangyna garşy düşündiriş işlerini guramak hem-de ýangyn-tehniki kadalarynyň berjaý edilişini öwretmek ýangyna garşy gullugyň ilkinji derejeli wezipeleriniň birdir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi we bu babatda ministre degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri Muhammet Hydyrowa käýinç yglan etdi.
Şeýle-de, okaň:
- Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna berk käýinç yglan etdi
- Türkmenistanyň içeri işler ministrine käýinç yglan edildi
- Aşgabat şäherine täze prokuror bellenildi