8-nji aprelde Aşgabatda geçirilen söwda-ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-hindi toparynyň bäşinji mejlisinde Türkmenistanyň we Hindistanyň ägirt uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Mejlisiň gün tertibine türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Olaryň hatarynda söwda-ykdysady, ulag we energetika, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hem-de beýleki geljegi uly pudaklaryň birnäçesi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesine üns berdiler.
Gumanitar ulgamda gatnaşyklary ösdürmek, döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Aşgabatda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.