Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny Tagta geçmek güni bilen gutlady

10:5230.07.2022
0
3325

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI ýurduň milli baýramy — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Mohammed VI tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Marokko Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň