Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk görüp başlady

18:5930.07.2022
0
8103
Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk görüp başlady

Hökümetiň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýer M.Mämmedowa iberdi hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanynyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Medeniýet ministrligi degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Agzalan mejlisiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralary ýokary derejede guramak boýunça gol çekilen Kararyň wajypdygyny belledi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň