Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagynda «Türkmenturba» zawody dörediler

10:0630.07.2022
0
3619

«Türkmengaz» döwlet konsernine we «Türkmennebit» döwlet konsernine «Türkmenturba» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, onuň binýadynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagynda «Türkmenturba» zawodyny bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi. Bu barada TDH habar berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň nebitgaz hem-de gurluşyk we senagat toplumlarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurtda ýokary hilli turba önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmak, işleri talabalaýyk guramak maksady bilen gol çeken degişli Karary esasynda tassyklanylan resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmenturba» zawody üýtgedilip guralan «Türkmenturba» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlenildi. «Türkmengaz» döwlet konserni «Türkmenturba» zawodyny ähli emläkleri we maliýe borçnamalary bilen bilelikde «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine bellenen tertipde bermäge borçly edildi. Şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konsernine, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň