Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepede bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhana gurlar

23:4129.07.2022
0
3888
Gökdepede bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhana gurlar
Surat: turkmenistan.gov.tm

Ministrler Kabinetiniň 29-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow ýurtda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanynyň garamagyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän önümçilik toplumyny gurmak hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ähli meýilleşdirilen işleriň kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdy ykdysady taýdan has-da ösdürmek, çüýşe önümçiliginiň kuwwatyny artdyrmak, şeýle-de «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Rysgally zähmet» hususy kärhanasy bilen şertnamany elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we önümhanany 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň