Soňky habarlar

Arhiw

Awazada geçiriljek ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň guramaçylyk topary döredildi

23:2529.07.2022
0
6320

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugy bilen Awazada geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatynyň guramaçylyk topary döredildi.

Buýrukda ýazylyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmäge we häzirki zaman üstaşyr ulag geçelgelerini kämilleşdirmek arkaly durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty guramaçylykly geçirmek bellenilýär.

Hut şu maksat bilen, resminama laýyklykda, bu maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň