Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» teleýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

21:5529.07.2022
0
8595

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we boşatmak baradaky resminamalara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy Şirgeldi Işangulyýew eýeleýän wezipesinden boşadyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu wezipä başga işe geçmegi sebäpli «Diýar» žurnalynyň baş redaktory wezipesinden boşadylan Ýagmyr Nuryýew bellenildi.

Şirgeldi Işangulyýew «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2015-nji ýylda bellenipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň