Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Prezidentine hat ýollady

08:4729.07.2022
0
4215

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Nguen Suan Fuka hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn özara hereketleriň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de Prezident Nguen Suan Fuka tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň halkyna bolsa öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň