Soňky habarlar

Arhiw

Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy Türkmenbaşy şäherinde dowam edýär

23:5627.07.2022
0
4306

Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynyň ikinji aýlawynyň jemleýji tapgyry Türkmenbaşy şäherinde 11-nji tapgyryň oýunlary bilen başlandy.

Oýunlar Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň sport toplumynda geçirilýär.

Ýurdumyzyň futzal boýunça çempiony diýen ady almak ugrunda sekiz topar: Aşgabat şäherinden «Köpetdag», «Gümrükçi», «Senagatbank» we «Milli goşun» toparlary, Balkan welaýatyndan «Deňizçi» we Türkmenbaşynyň NGIZT toparlary, Ahal we Daşoguz welaýatlaryndan «Ahal» bilen «Daşoguz» toparlary ýaryşarlar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň topary bolsa şu ýylky futzal Superligasyna ilkinji gezek gatnaşýar.

11-nji tapgyry Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony «Deňizçiniň» «Senagatbank» topary bilen bolan oýny açdy. Iň soňky minuta çenli garşydaşlar birek-biregiň goragyny böwsüp geçmäge synanyşyk etdiler. Hasap 0:0 bolup, duşuşygyň tamamlanmagyna 10 sekunt galanda, topy burçdan oýna salmagyň öňýany çempionlaryň baş tälimçisi Ýakup Öwezow arakesme aldy, bu-da, olaryň peýdasyna bolup çykdy. Top oýna standart ýagdaýda girizilende, Maksat Soltanow «Senagatbankyň» derwezesine ýeňiş topuny geçirdi, şeýlelikde «Denizçi» toparyna 3 utuk getirdi.

Soňky iki oýun hem çekeleşikli boldy. Onda «Ahal» topary «Milli goşun» toparyndan 4:3 hasabynda, TNGIZT bolsa «Daşoguz» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Ýaryşyň soňky oýnunda wise-çempion «Köpetdag» geçen ýylky çempionatyň bürünç medalçysy «Gümrükçini» 7:3 hasabynda utdy.

11-nji tapgyrdan soň 27 utuk toplan «Deňizçi» we «Köpetdag» toparlary öňdeligi saklaýarlar. Baýraga ymtylýan üçlügiň iň soňkusy bolan «Gümrükçi» topary olardan 6 utuk yza galýar.

12-nji tapgyrda «Deňizçi» «Milli goşun», «Köpetdag» bolsa «Senagatbank» bilen oýnar. Beýleki oýunlarda «Daşoguz» topary «Gümrükçi» topary bilen, «Ahal» topary bolsa TNGIZT bilen duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň