Arhiw

Saglygy goraýşyň habarlar merkezi ýapyk binalarda we jemgyýetçilik ulaglarynda örtük dakynmagy ýatlatdy

12:0028.07.2022
0
2807
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi ýapyk binalarda we jemgyýetçilik ulaglarynda örtük dakynmagy ýatlatdy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi ilata şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegiň düzgünlerini maslahat berdi. Şoňa laýyklykda, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki çap edilen sanynda ilata pasla görä geýnmek, wagtal-wagtal otaglaryň penjirelerini açyp, öýi ýelejiretmek, üzärlik bilen otagyň howasyny tämizlemek, nahar taýýarlamazdan, çagany iýmitlendirmezden, nahar edinmezden öň we daşardan gelnenden soň, elleri akar suwuň aşagynda sabyn bilen gowy ýuwmalydygy, günüň dowamynda arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy içmelidigi, agyz-burun örtügini ýapyk binalarda we jemgyýetçilik ulaglarynda dogry we doly dakynmalydygy, howpsuz aralygy saklamalydygy, esasan-da, ýiti respirator keselleriň alamatlary bar bolan adamlaryň ýanynda bu kadany hökman berjaý etmelidigi, şeýle-de işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmalydygy, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda almalydygy ýatladylýar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň