Soňky habarlar

Arhiw

«Ulag we kommunikasiýalar toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly maslahat geçirildi

20:4427.07.2022
0
5540

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda «Ulag we kommunikasiýalar toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly maslahat geçirildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan guralan maslahatda agentligiň degişli ýolbaşçylary, hünärmenleri we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary toplum boýunça gazanylan üstünlikler barada çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda «Ulag diplomatiýasy – rowaçlyklaryň ýoly», «Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylyşy», «Raýat awiasiýasynyň ösüş ýoly», «Demirgazyk — Günorta halkara üstaşyr ulag geçelgesi – logistika ulgamyny ösdürmegiň binýady», «Deňiz-derýa ulgamynda ýetilen belent sepgitlar», «Türkmenbaşy halkara deňiz porty – logistikanyň altyn halkasy» ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, Türkmenistanda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag-logistika merkezlerini döretmek we ulag diplomatiýasyny ilerletmek boýunça täze başlangyçlar barada durlup geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň