Soňky habarlar

Arhiw

«Çinar kebap» restorany öýden çykmazdan türk tagamlarynyň lezzetini duýmagy hödürleýär

12:2727.07.2022
0
14257

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Çinar kebap» restorany paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna türk aşhanasynyň milli tagamlaryndan lezzet almak üçin datly naharlary şäheriň islendik ýerine eltip bermek hyzmaty bilen ýetirýändigini habar berýär.

«Çinar kebap» hödürleýän tagamnamasyndaky kebaplardan, lahmajundan, pomidor sously huruşdan hem-de datly köfte tagamyndan hökmany sargyt edip iýip görmegi maslahat berýär. Mangalda gril görnüşinde tüsse ysy bilen utgaşdyrylyp taýýarlanan nahar bolsa hatda tagama ussatlarça baha berip bilýänleriň-de göwnünden turar.

Gyssagly tagam sargyt etmek üçin islendik sebäp bolsun — garaşylmadyk pursatda myhmanlaryň gelmegi, işden ýadap gelmek, ofisde garbanmak, dostlaryň bilen oturlyşyk guramak ýa-da şeýle keýpine süýji tagamlar bilen şähdiňi açmak üçin «Çinar kebap» restoranynyň tagamnamasyndaky naharlardan sargyt etmek göwnejaýdyr.

Şeýle-de restorandan mangal çişlik sargyt eden müşderä 0,5 litr aýran sowgat berilýär.

Belläp geçsek, türk aşhanasy Ýer ýüzünde hytaý hem-de fransuz tagamlaryndan soň, meşhurlygy we datlylygy babatda ilkinji üçlüge girýär.

«Çinar kebap» restorany sagat 10:00-dan 23:00-a çenli işleýär. Restoranda hödürlenilýän tagamlaryň sanawy we bahalary bilen sosial media ulgamyndaky hasaby arkaly tanyşmak bolýar.

Sargyt etmek üçin telefon belgileri: (+993 63) 21 80 80 we (+993 63) 27 80 80.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň