Soňky habarlar

Arhiw

Itlere rehimsiz çemeleşmegi gadagan edýän kanun çykdy, Russiýada Türkmenistandan geljek leopardlara garaşylýar, Owganystan türkmen energiýa göterijilerini import etmegi meýilleşdirýär

10:4327.07.2022
0
23370

1. Türkmenistanda tohum itleriniň genofondyny gorap saklamaga gönükdirilen hem-de olar köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanun çykdy.

2. Türkmenistanda 27-nji iýuldan başlap giriş synaglary başlanýar. Türkmenistanyň dürli sebitlerinden dalaşgärler tapgyrlaýyn giriş synaglaryny tabşyrmaga girişerler. Soňky ýyllarda däp bolşy ýaly, synaglar paýtagtymyzda we welaýatlarda geçiriler.

3. Russiýanyň tebigy serişdeler we ekologiýa ministri Aleksandr Kozlow Prezident Wladimir Putina Türkmenistandan we Eýrandan leopardlary getirtmek barada ylalaşmak hakynda haýyş bilen ýüz tutdy.

4. Owganystan suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça Türkmenistan bilen şertnama baglaşdy. Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, türkmen energiýa göterijileriniň birnäçe müň tonnasy Haýraton, akina we Turgundy guruýer portlary arkaly ýurduň çägine getiriler .

5. «Nubia» onlaýn-žurnaly dünýäniň iň görmegeý erkegini mälim etdi. Bu derejä hytaýly aktýor we aýdymçy Sýao Çžan mynasyp boldy. Pikir soraşma 189 ýurtdan 11 milliondan gowrak adam gatnaşyp, şolaryň 2,2 milliondan gowragy Çžanyň peýdasyna ses berdi. Bu derejä dalaşgärleriň hatarynda Genri Kawill, Tom Holland we Kriştianu Ronaldu ýaly ýyldyzlar bardy.

6. Amerikanyň ýokary derejeli haryt nyşany «Tommy Hilfiger» öňdebaryjy britan egin-eşik platformasy «Rotaro» bilen birlikde täze taslamany ýola goýdular. Alty aýa niýetlenen synag maksatnamasynyň çäklerinde isleg bildirýänler meşhur haryt nyşanynyň önümlerini kärendesine alyp bilerler. Kärende üçin haryt nyşanynyň täze kalloborasistik önümleri bilen bir hatarda, öňki önümleriniň hem elýeterlidigi bellenilýär.

7. Türkmenistanyň ýygyndysy «Aziýanyň çagalary» atly sport oýunlaryna gatnaşmak üçin Russiýa ugrady. «Aziýanyň çagalary» atly sport oýunlary 27-nji iýulda Wladiwostokda başlanýar. Şu ýylda halkara bäsleşige 12 döwletden 1355 türgen gatnaşýar. Bäsleşikler Wladiwostokdaky 10 sany sport desgalarynda geçiriler. Türkmenistanyň wekiliýeti 85 adamdan, şol sanda 62 türgen, 16 tälimçi, basketbol boýunça 1 emin – Bagtyýar Ibragimow, şeýle-de sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlaryň wekilleri we resmi adamlardan ybarat.

8. Bişkekde geçirilýän woleýbol boýunça Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň final duşuşygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşy mälim boldy. Woleýbol boýunça Gyrgyzystanyň erkekler ýygyndysy Gazagystanyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňmek bilen, bäsleşigiň finalyna çykdy. Final duşuşygynda gyrgyzlar Türkmenistanyň topary bilen güýç synanyşarlar. Üçünji ýer üçin bolsa Gazagystanyň we Özbegistanyň ýygyndylary duşuşar. Duşuşyklaryň ikisem 27-nji iýulda geçiriler.

9. Halkara Olimpiýa komitetiniň metbugat gullugy 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň şygaryny yglan etdi. Ýaryşlar: «Geliň, Oýunlary giňden açalyň!» şygary astynda geçiriler. Bu şygar 2024-nji ýylyň Paralimpiýa oýunlarynda hem peýdalanylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň