Soňky habarlar

Arhiw

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň 14-nji tomy çapdan çykdy

09:3327.07.2022
0
6051
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň 14-nji tomy çapdan çykdy
Surat: TDH

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylan «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň 14-nji tomy çapdan çykdy. Neşirde türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryny şöhlelendirýän 2020-nji ýylyň has möhüm materiallarydyr makalalary ýygnalyp, olarda Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, durmuş, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler öz beýanyny tapdy.

Kitapda getirilýän işler sebitde we dünýäde bolup geçýän geosyýasy wakalara çuňňur düşünmegiň, döwletiň daşary syýasy strategiýasyny öňdengörüjilikli, oýlanyşykly durmuşa geçirmegiň nusgasydyr. Olar Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.

Ähli materiallarda döwletiň dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine ynsanperwer ulgamda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasy ugry eriş-argaç bolup geçýär.

Umuman, neşire girizilen materiallar geljege tarap okgunly öňe barýan, şol bir wagtyň özünde müňýyllyklaryň jümmüşinden uzap gaýdýan ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan Türkmenistanyň içeri we daşarky syýasatyndaky wezipeleriň yzygiderli, üstünlikli çözülýändigini görkezýär.

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitapda ýerleşdirilen materiallar nazary we tejribe taýdan gymmatly bolup, olar taryhçylar, syýasatşynaslar, jemgyýeti öwrenijiler üçin Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň ähmiýetiniň mazmunyny we manysyny beýan edýän möhüm ylmy-resmi hem-de maglumat çeşmelerine öwrüler.

Nobatdaky neşir ylmy-düşündiriş häsiýetli maglumatlar bilen üpjün edilip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlaryny suratlandyrýan fotohronika bilen tamamlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň