Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada Türkmenistandan geljek leopardlara garaşylýar

18:3926.07.2022
0
10797

Russiýanyň tebigy serişdeler we ekologiýa ministri Aleksandr Kozlow Prezident Wladimir Putina Türkmenistandan we Eýrandan leopardlary getirtmek barada ylalaşmak hakynda haýyş bilen ýüz tutdy. Bu barada «ОТВ-Прим» TASS-a salgylanmak bilen habar berýär.

Ministr häzirki wagtda Primorskiý ülkesiniň Lazowskiý goraghanasynda Uzak Gündogar leopardynyň we gar barsynyň Merkeziniň gurluşygynyň işjeň alnyp barylýandygyny habar berdi. Ilkinji leopardlary indiki ýylda getirmek meýilleşdirilýär. Goraghana bu haýwanlaryň sanyny 50-ä çenli ýetirmegi maksat edinýär.

Kozlow: «Maksada ýetmek üçin has köp, ýylda 5-6 sany haýwan goýbermeli. Munuň üçin bolsa ene-atalar gerek. Olary Eýranyň we Türkmenistanyň ýabany tebigatyndan alyp bolar. Emma bu, elbetde, ýokary derejeli ylalaşyk, şonuň üçin, Wladimir Wladimirowiç, siziň goldawyňyzy soraýarys» – diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň