Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri: Eýranyň nebit bazaryna dolanyp gelmegi bäsdeşligi togtadyp biler

17:5108.04.2015
0
2504

Eýranyň dünýä nebit bazaryna dolanyp gelmegi Yrak, Meksika, Braziliýa ýaly, beýleki nebit çykaryjy döwletleriň arasynda daşary ýurtly maýadarlar üçin güýçli bäsdeşligi has-da kynlaşdyrar. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Halkara energetika agentliginiň hasaplamalaryna görä, Tähran bir günde 2,8 million barrel nebit çykarýar. Gadagan etmeler aradan aýrylansoň, nebitiň çykarylyşy günde 3,6 million barrele çenli artyp biler. Ýöne 10 ýyl mundan ozalky derejä ýetmek üçin (bir günde 4,5 million barrel) Bloombergiň bellemegine görä, ýurda daşary ýurtly maýadarlaryň kömegi gerek bolar.

Şeýle-de, Yrak, Meksika, Braziliýa, Uganda, Angola ýaly döwletler hem häzirki wagtda daşary ýurt maýalaryny çekmäge çalyşýarlar.

Kuweýtiň Kuwait Petroleum Corp. döwlet korporasiýasynyň öňki ýolbaşçysy Nader Sultan gadagan etme görnüşindäki ähli çäklendirmeler aradan aýrylaýan ýagdaýynda hem Eýranyň daşary ýurt maýadarlary bilen gepleşikleri bir ýyla çenli dagy çekip biler.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň