Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ― Özbegistan woleýbol duşuşygy gyrgyz teleýaýlymy tarapyndan görkeziler

13:1926.07.2022
0
7962

Woleýbol boýunça Merkezi Aziýanyň Çagyryş kubogynyň ýarym finalyndaky Türkmenistan ― Özbegistan duşuşygy Gyrgyzystanyň «KTRK Sport» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp görkeziler.

Ýaryşa dört ýygyndynyň ― Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň ýygyndylarynyň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Ýaryşyň toparçalaýyn duşuşyklary duşenbe güni tamamlandy. Olaryň netijelerine görä, ýarym finalda Gyrgyzystan bilen Gazagystan, Türkmenistan bilen Özbegistan duşuşmaly edildi.

Türkmen ýygyndysynyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp, 7 utuk bilen toparçada birinji orny eýeländigini ýatladýarys.

Duşuşygyň göni ýaýlymda alnyp görkezilişi 16:25-de, özi bolsa 16:30-da başlanar.

Final we üçünji orun ugrundaky duşuşyklar 27-nji iýulda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň