Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi 65 ýaşy bilen gutlady

22:2124.07.2022
0
7835
Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi 65 ýaşy bilen gutlady
Surat: president.uz

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny hem-de berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk we doganlyk özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik gazanmak baradaky arzuwlaryny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany bu gün okgunly öňe barýan Özbegistanyň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň çözülmeginde möhüm orny eýeleýändigini hem-de köp sanly ýurtlar bilen açyk we oňyn gatnaşyklary saklaýandygyny belledi. Şeýle hem ýakyn we ygtybarly goňşymyz bolan Özbegistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan ýokary depginli hem-de netijeli gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny nygtady.

– Biziň ýaňy-ýakynda bolan duşuşyklarymyz we gepleşiklerimiz hem-de Siziň ajaýyp ýurduňyza amala aşyran ilkinji saparymyň dowamynda gol çekilen köpsanly resminamalar muny aýdyň tassyklaýar – diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda bellenilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de berkidiljekdigine pugta ynam bildirýändigini aýdyp, Preziden Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagt, alyp barýan işlerinde üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň