Soňky habarlar

Arhiw

Emomali Rahmon ýurduň 10 millionynjy raýatynyň ene-atasyny gutlady

18:2224.07.2022
0
6264

23-nji iýulda Duşanbe şäheriniň bäbekhanalarynyň birinde dünýä inen Firadaws atly körpe dessine bütin Täjigistana meşhur boldy diýip, «MIR 24» habar berdi. Munuň sebäbi ol ýurduň 10 millionynjy raýatydyr. Çaganyň agramy 3,250 kilogram, boýy 50 santimetr. Ol maşgalada ilkinji çaga, onuň kakasy gazanç üçin daşary ýurtda, ejesi öý hojalykçy.

Ýaş ene-atalary Prezident Emomali Rahmon gutlady we Duşanbäniň häkimine maşgalany ýaşaýyş öýi bilen üpjün etmek barada tabşyryk berdi. Şokirowlaryň maşgalasyna mebelli we hojalyk tehnikaly üç otagly öý wada berdiler.

«Men ilkinji çagamyň biziň ýurdumyzyň 10 millionynjy raýatydygyna begenýärin. Goldawy hem-de aladasy üçin Prezidente we şäherimiziň häkimine hoşallyk bildirýärin. Men diýseň bagtly» diýip, çaganyň ejesi Mahfirat Şokirowa aýdýar.

Soňky ýarym ýylda Täjigistanda 111 müň çaga doguldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6 göterim köpdür.

Täjigistan Merkezi Aziýada ilat sany boýunça üçünji ýerde durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň