Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady

15:2124.07.2022
0
4327
Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady
Surat: president.uz

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Habarda bellenilşi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň adyndan Özbegistanyň Prezidentini 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de Özbegistany parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň ýurduna öwürmekde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-özbek dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda şu ýylyň 14-15-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklara ýokary baha berildi. Şol saparyň çäklerinde Buhara şäherinde geçirilen türkmen-özbek bilelikdäki çäreleriniň ähmiýetine hem üns berildi.

Parlamentara gatnaşyklar, bu ugurdaky tejribe alyşmalar aýratyn kanagatlanma bilen bellendi.

Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda sebitiň gün tertibindäki meseleler, şol sanda şu ýylyň noýabr aýynda Samarkant şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türki döwletler guramasynyň sammiti boýunça pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň