Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň woleýbol topary «Merkezi Aziýanyň Çagyryş kubogynda» Gazagystany utdy

22:2323.07.2022
0
14192

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy Bişkekde geçirilýän «Merkezi Aziýanyň Çagyryş kubogy» ýaryşynyň (Bişkek häkiminiň Kubogy) ilkinji oýnunda Gazagystanyň toparyndan kynlyk bilen üstün çykdy. Duşuşyk türkmen toparynyň peýdasyna 3:2 (19:25, 20:25, 25:21, 25:22, 15:13) hasabynda tamamlandy.

Şol bir wagtda Gyrgyzystanyň ýygyndysy üç döwüň dowamynda Özbegistanyň ýygyndysyny 3:0 (25:18; 25:17; 25:16) hasabynda utdy

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň indiki duşuşygy 24-nji iýulda Gyrgyzystan bilen bolar. Jemleýji tapgyrda türkmen woleýbolçylary 25-nji iýulda Özbegistanyň topary bilen duşuşar.

«Merkezi Aziýanyň Çagyryş kubogynyň» finaly 27-nji iýulda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň