Soňky habarlar

Arhiw

«Erasmus +» maksatnamasynyň çäginde türkmenistanly mugallymlar Pawiýa uniwersitetine baryp gördüler

09:5523.07.2022
0
11081

Bilelikdäki «Erasmus +» maksatnamasynyň «Täze tehnologiýalar arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýokary bilimiň döwrebaplaşdyrylmagy» («HiEdTec») taslamasynyň çäginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary Italiýanyň Pawiýa şäheriniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň birine baryp gördüler.

Iş saparynyň esasy wakalarynyň biri Pawiýa uniwersitetinde geçirilen seminar bolup, taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň soňky tapgyrynyň netijeler jemlendi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Birnäçe gün dowam eden seminaryň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin ýörite döredilen birnäçe täze maksatly onlaýn kurslar bilen tanyşdylar.

Şeýle-de okaň:

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekiliýeti Fransiýada saparda boldy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň